Custom Adv 1
«Söwda Öýi» hakynda

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň «Söwda Öýi» kärhanasy Türkmenistanyň söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde, ýurdumyzyň çäginde we daşary ýurtlarda sergiler we işewürler maslahatlary yzygider geçirilip, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary ýurtlara ýerlenilişiniň möçberleriniň hilini artdyrmakda, daşary ýurtly söwda-senagat edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde, Türkmenistanyň we daşary ýurt işewürleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmakda öz goşandyny goşýar. «Söwda Öýi» Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Edara görnüşindäki taraplary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak müdirliginde 2015-nji ýylyň 20-nji awgustynda № 24267322 belgi bilen gaýtadan hasaba alnan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň esaslandyryjy düzüm birligi bolup durýar. «Söwda Öýi» ýuridiki şahs bolup, jemgyýetçilik guramasynyň düzümidir. «Söwda öýüň» özbaşdak balansy, Türkmenistanyň bank edaralarynda hasaplaşyk we başga hasaplary bar, ol özüne eýeçilik hukugynda degişli bolan emläge eýelik edýär, kazyýet edaralarynda hak isleýji we jogapçy bolup çykyş edip bilýär. «Söwda Öýüň» esasy maksady, Türkmenistanyň daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, ýurdumyzda öndürilen harytlaryň daşary ýurtlara ýerlenişiniň möçberlerini artdyrmak hem-de halk hojalygy üçin gerek bolan harytlary, enjamlary amatly şertlerde getirmek, sarp edijilik bazaryny ýokary hilli harytlar we hyzmatlar bilen doldurmak arkaly Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň jemgyýetçilik guramasy hökmünde öňünde goýlan maksatlaryny kanagatlandyrmak bilen önümleri, işleri, hyzmatlary ýerlemekden, şeýle hem hojalyk işiniň beýleki görnüşlerinden alnan girdejileri gazanmakdan ybarat bolup durýar.

«Söwda öýi» öz wezipelerini ýerine ýetirmek üçin şu aşakdaky iş görnüşlerini amala aşyrýar:

• Islendik haryt iberijiler we alyjylar bilen haryt we önüm ibermek hakynda şertnama (ylalaşyklary) baglaşmaga;

• Içerki we daşarky bazarda täjirçilik-dellalçylyk, söwdanyň ähli görnüşlerini özlerinde döredilen düzüm birlikleriniň üsti bilen we şeýle hem özbaşdak alyp barmaga;

• Eksport-import, alyş-çalyş geleşiklerini geçirmek ýoly bilen daşary ykdysady işini alyp barmaga;

• «Söwda Öýüň» edýän hyzmatlaryna nyrhlary we bahalary işläp düzmäge we kanunçylyga laýyklykda bellemäge, geçirilýän eksport-import işlerinden, täjirçilik-araçylyk geleşiklerinden alynýan girdejiniň üstüne goşulan puluň möçberini we göterimini Esaslandyryjy tarapyndan tassyklanylýan aňyrbaş derejesinden pes bolmazlyk şerti bilen, kesgitlemäge we tassyklamaga;

• Türkmenistanda we daşary ýurtlarda öz serişdelerini we karz serişdeleriniň hasabyna söwda-satyn alyş işlerini amala aşyrmaga;

• Daşary ykdysady gatnaşyklaryň täze görnüşlerini ösdürmek üçin bazarlary öwrenmäge hem-de degişli taslamalary işläp taýýarlamaga;

• Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ykdysady işi amala aşyrmaga;

• Daşary ýurtlardan harytlary almak baradaky şertnamalary özbaşdak, bäsleşikleri geçirmezden baglaşmaga;

• Türkmenistanyň öndürijilerinden harytlary kommissiýa şertnamasy esasynda almak we olar daşary ýurt alyjylaryna ýerlenenden soň, olar bilen hasaplaşyklary geçirmäge

Остались вопросы?

Настоящий Закон устанавливает правовые и экономические основы образования Торгово-промышленной палаты Туркменистана, организационно-правовые формы её деятельности и определяет меры государственной поддержки.

Читать полностью

flaer-en.jpg