Custom Adv 1
Söwda habarlary

Söwda habarlary 3

Şu ýyl «Şatumar» hususy kärhanasynyň döredilenine on ýyl dolýar. Şu döwürde kir sodasyny çykarmakdan başlan telekeçilik düzümi durmuş himiýasyny öndürýän iri kärhana öwrüldi. Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda işleýän sehde ýokary tehnologiýaly enjamlaryň ýedisi oturdylan.
Telekeçiler şol enjamlarda düzüminde gel bolan kir sodalary, şampunlaryň birnäçe görnüşini, suwuk sabyn, gap-gaç, aýna ýuwujy serişdeleri we beýlekileri çykarmagy guradylar.


Daşoguz şäherinde ýerleşýän hususy kiçi zawodyň işgärleri 3 ölçegli ýanýoda örtükleriniň köpçülikleýin önümçiligini özleşdirdiler. Berkligi, üstiniň taýdyrmaýanlygy, suw geçirmeýänligi, galyberse-de, göze geliwliligi täze önümiň artykmaçlygydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Azat Sabyrowyň hususy kärhanasynyň täze önümleriniň arasynda ýüzüne türkmen halysynyň gölleri salnan we pola ýazylýan gülli daş örtükler, lagym gapaklarynyň dürli görnüşleri bar.


Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda gowy tanalýan «HASAR» kompaniýasynda ýakyn wagtda çykarylýan önümleriň görnüşlerini artdyrmak göz öňünde tutulýar. Ady belli önüm öndüriji şokolad plitkalaryny we dürli huruşly kemputlary çykarar.
«HASAR» kompaniýasynda marketing strategiýasy kämilleşdirilýär we Germaniýanyň, Italiýanyň we beýleki ýurltaryň enjamlary satyn alnyp, tehnologik döwrebaplaşdyrmak işleri geçirilýär. Häzirki wagtda aşgabatly konditerler alyjylara önümleriň 100-e golaý görnüşini teklip edýärler. Şokoladlaryň, miweli we süýtli huruşly süýjileriň, kökeleriň, goýy şerbet bilen örtülen waflileriň we wafli tortlarynyň, marmeladyň onlarça görnüşleriniň önümçiligi özleşdirildi.